Turkmenportal logo
25.09.20
1275012750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow: «Pandemiýa garamazdan, Türkmenistan ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazandy»

Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy ähli döwletleriň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi. Dünýädäki kyn maliýe we ykdysady şertlere garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüşde. Döwlet ep-esli maliýe çeşmelerini ätiýaçda saklamagy başardy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.


Berdimuhamedow: «Häzirki kyn şertlerde Halk Maslahatynyň geçen ýylky mejlisinde kabul edilen bäş ýyllyk ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmelidiris» diýip, wezipäni takyklaşdyrdy.


TDH-nyň habar bermegine görä, milli forumyň gün tertibinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri bar. Ilkinji gezek göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahata Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.