Turkmenportal logo
24.09.2020
1164711647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Iri dabaralaryň geçirilýän günleri Türkmenistanda goşmaça awtobus hyzmatlary ýola goýlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Garaşsyzlyk baýramynyň geçirilýän günlerinde Türkmenistanda goşmaça awtobus hyzmatlary ýola goýlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.


Şol ulaglar paýtagtymyzda hem-de şäherara ugurlary boýunça hereket eder. Ýolagçylara hyzmat etmek üçin taksileriň sany artdyryldy.


Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek, ony milli teleradiogepleşiklerde bermek boýunça degişli çäreler görüldi.


Milletiň Lideri ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň hödürlenilmeginde hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi.


Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň gatnaşyjylaryna ýokary hilli aragatnaşygyň, telegepleşikler üçin ýokary tizlikli ýaýlymlaryň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.