Turkmenportal logo
20.09.20
2108121081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna döwrebap çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu hyzmat ýurduň bütin çägi boýunça elýeterlidir. Ol «gapydan-gapa» iş usuly boýunça amala aşyrylýar.


Çaparlary 92-14-95 belgisine jaň edip ýa-da «Çapar» mobil programmasynyň üsti bilen öýe çenli çagyryp bolýar. Şeýle mümkinçilik kompaniýanyň saýtynda hem elýeterlidir. Munuň üçin görkezilen bölümleri degişli maglumatlar bilen doldurmaly.


Çaparçylyk hyzmatlary şu ugurlar boýunça berilýär:


  • Haty we agramy 2 kilograma çenli bolan ýüki bir welaýatyň içinde eltip bermek: adaty tertipde — 30 manat.
  • Ýurduň içine hat ýa-da agramy 2 kilograma çenli bolan ýüki eltip bermek: adaty tertipde — 40 manat.

«Türkmenpoçtanyň» beýleki hyzmat ugurlary bilen turkmenpost.gov.tm saýty ýa-da 92-14-95 belgili telefon arkaly tanşyp bilersiňiz.


Kompaniýanyň resmi saýtynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýändigini ýatladýarys.