Turkmenportal logo
04.09.20
3089730897
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýörite uçar bilen Belarusdaky raýatlaryny alyp geler

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň nobatdaky ýörite uçar gatnawy 6-njy sentýabrda Minskden Türkmenabada çenli meýilleşdirilýär. Bu gatnaw bilen koronawirus pandemiýasy döwründe Belarusda galan türkmen raýatlary ýurdumyza getiriler.


Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sowal-jogap gullugyndan berlen habara görä, 6-njy sentýabr güni T5 786 ugry boýunça 16:05-de (Aşgabat wagty bilen 18:05) «Minsk» Milli howa menzilinden göge göteriljek Boeing 777-200 sagat 22:35-de Türkmenabadyň Halkara howa menziline gonar.


Uçar bilen ýurdumyza gelen watandaşlarymyz iki hepdelik karantinde bolar.


Şeýle uçuşyň 24-nji awgustda hem guralyp, watandaşlarymyzyň bir toparynyň Belarusdan alnyp gelnendigini ýatladýarys. Bu uçuşlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen geçirilýär.