Turkmenportal logo
27.08.20
1772317723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy 2022-nji ýylyň dekabryna çenli işe giriziler

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmegi we onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek tabşyryldy. Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmek bellenildi.


“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamy hakyndaky bir bitewi tehniki talapnamalary işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.