Turkmenportal logo
21.08.2020
4248042480
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
8-9-njy synplarda täze ders okadylyp başlanar

Täze okuw ýylyndan başlap, umumybilim berýän orta mekdepleriň 8 — 9-njy synplary üçin proýektirlemegiň esaslary dersi giriziler ― diýip, «Mugallymlar gazeti» neşiri habar berýär.


Integrirlenen häsiýetli bu dersiň okuwçylaryň kompýuter taslamalaryny işläp taýýarlamak endiklerini hem-de başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar.


Neşiriň ýazyşy ýaly, bu barada Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda geçirilen bilim işgärleriniň maslahatynda habar berildi.