Turkmenportal logo
16.08.20
1229012290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýat çaphanasy 100 müň okuwçy gündeligini öndürdi

Lebap welaýat çaphanasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň buýurmasy boýunça 100 müň sany okuwçy gündeligini çap edilip, buýurmaçylara gowşuryldy ― diýip, «Jeyhun.news» ýazýar.


Olar häzir dowam edýän mekdep bazarlarynda alyjylara hususyýetçiler tarapyndan hödürlenilýär.


Şu gezekki gündeliklere özboluşly dizaýn berildi. Has takygy, okuwçy oglanlaryň we gyzlaryň gündelikleri aýry-aýry dizaýn bilen bezeldi.


Welaýat çaphanasy täze okuw ýyly başlanýança, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýurmasy bilen 2-nji synpyň rus dili dersi üçin birinji we ikinji okuw depderlerini hem öndürýär. Şeýle hem adaty okuwçy depderiniň müňlerçesini öndürmek meýilleşdirilýär.