Turkmenportal logo
14.08.20
4426844268
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda otly hereketleriniň çäklendirmesi 1-nji sentýabra süýşürildi

«Türkmendemirýollary» agentligi ýurtda otlularyň hereketindäki çäklendirmeleriň 1-nji sentýabra çenli uzaldylýandygyny habar berýär.


«Otlularyň hereketiniň 1-nji sentýabra çenli wagtlaýyn durulýandygyny habar berýäris» diýip, bu barada agentligiň resmi saýtynda hem ýörite aýdyldy.


16-njy iýulda başlan şeýle çäklendirmeler ilki 31-nji iýula çenlidi, soňra ol 15-nji awgusta süýşürildi. Şeýlelikde, çäklendirmeler üçünji gezek uzaldylýar.


Agentlik 10-njy awgustda otlularda gatnajak ýolagçylardan 3 günlük möhlete ýöreýän kepilnama almak zerurlygyny talap edipdi.


Ýolagçylar ýüze çykan sowallar boýunça +99312383273 / 75 / 76 / 79 belgili telefonlara jaň edip bilerler.