Turkmenportal logo
25.05.20
1283912839
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini ýaşlaryň 80 müňe golaýy tamamlady
Şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini ýaşlaryň 80 müňe golaýy tamamlady

25-nji maýda umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli çäreler geçirildi. Şol gün 80 müňe golaý uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy ― diýip, TDH ýazýar. 


Şu dabaraly günde mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri, okuwyny ýokary bahalar bilen tamamlaýan okuwçylar, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan dürli ders hem-de döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri halkymyzyň watançylygyny we jebisligini, milli gymmatlygymyza çäksiz hormata şaýatlyk edýän üstünliklerimizi hem-de gazananlarymyzy alamatlandyryp, asmana uzap, belentde buýsanç bilen parlaýan ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň meýdançasyna gül desselerini goýdular.


Şu ýerde hem uçurymlar, olaryň mugallymlary hem-de ene-atalary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagyny diňlediler.


Okuw ýyllarynda dürli sport ýaryşlarynda mekdebiň abraýyny gorap, ol ýa-da beýleki ders boýunça bäsleşiklerde ýeňip, döredijilik bäsleşiklerinde hem-de çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, tapawutlanan mekdep okuwçylary Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.


Soňra 2020-nji okuw ýylynyň uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolarda okuwçylaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan berk, ruhy taýdan belent, ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary durmuş ýoluna atarýan terbiýeçilere aýratyn hormat bildirildi.