Turkmenportal logo
30.04.20
1949219492
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary sylaglaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryna 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.


Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny, bu urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda) hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamagy üpjün etmäge borçly edildi.