Turkmenportal logo
04.04.20
93569356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hökümet mejlisi: Türkmenistanda şu ýyl açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň sanawy gaýtadan seljeriler

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Bitaraplygymyzyň ýubileý ýylynda örän köp sanly dürli desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Ýöne, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, wise-premýer Ş.Durdylyýewe gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmek we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almak tabşyryldy. Milletiň Lideri gurluşyk maksatnamasyna düzediş girizip, ýakyn wagtda Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada wise-premýere tabşyryk berdi — diýip, TDH habar berýär.


Dünýäde emele gelen kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik hem-de aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny dowam etmeli diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere köpräk maýa goýumlaryny tapyp, gurluşyk we senagat pudaklaryna çekmek tabşyryldy.