Turkmenportal logo
13.03.20
2396623966
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Belawiýa” Türkmenistana, Ysraýyla we Italiýa gatnawlary azaldýar

Belarusyň “Belawiýa” awiakompaniýasy Türkmenistana, Ysraýyla we Italiýa howa gatnawlaryny wagtlaýynça togtatýar – diýip, Trend habar berdi.


Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň 5-nji martyndan 1-nji apreline çenli awiakompaniýa Minsk – Aşgabat – Minsk howa gatnawlaryny wagtlaýynça togtadýar. Şeýle hem, Italiýa hökümetiniň koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşiniň çäginde 15 welaýatdan girmegi we çykmagy gadagan etmegi bilen baglanyşykly “Belawiýa” howa ýollary Minsk – Milan – Minsk ugurlarynda (2020-nji ýylyň 12-nji martyndan 15-nji apreline çenli) we Minsk – Rim – Minsk (2020-nji ýylyň 16-njy martyndan 15-nji apreline çenli) ugurlary boýunça uçuşlary ýatyrmak kararyna geldi.


2020-nji ýylyň 13-nji martyndan 31-nji martyna çenli “Belawiýa” howa ýollary Minsk – Tel Awiw – Minsk ugurlaryndaky uçuşlaryň sanyny azaldar. Sişenbe, penşenbe we ýekşenbe günleri öňki uçuşlaryň ýerine kompaniýa diňe ýekşenbe günleri Ysraýyla uçar.