Turkmenportal logo
05.03.2020
11161116
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebapdaky täze ýyladyşhana 45 tonna pomidory eksport etdi

Lebap welaýatyndaky iň täze hususy ýyladyşhanalaryň biri bolan telekeçi Döwlet Hojamuradowyň ýolbaşçylygyndaky ýyladyşhanda ilkinji işler üstünlige beslenýär. Ýyladyşhananyň hünärmenleri şu ýylyň başynda pomidoryň ilkinji hasylyny ýygnap başlap, häzir 50 tonna golaý önümi Russiýa Federasiýasyna eksport etdiler.


Saýat etrabynyň Sakar şäherinde ýerleşýän ýyladyşhana döwrebap talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde iýun aýyna çenli 250 tonnadan gowrak hasyl ýygnamak maksat edilip goýlupdyr. Häzirki wagtda ýyglyp, eksporta we içerki bazar ugradylan hasylyň bereketini görüp, garaşylýan sepgitden hem artyk önümiň ýygnaljakdygyna ynanýarsyň.


Ýyladyşhanada öňümizdäki ýyllarda ýer tudanasyny hem synag etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu önümi ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirmegiň dünýä tejribesi öwrenilýär.