Turkmenportal logo
18.02.20
87418741
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Word”, “Excel” we “PowerPoint” programmalary birleşdirildi

Programma üpjünçilik kompaniýasy “Microsoft” “Word”, “Excel” we “PowerPoint” programmalarynyň birleşdirilen applikasiýasyny hödürledi. Şu günden (18-nji fewral) başlap “Android” telefonlary üçin elýeterli  bolan applikasiýa gysga wagtdan “iOS” enjamlary üçin hem taýýarlanar. Bu applikasiýa ulanyjylara bu programmalary smartfonlarda ulananlarynda uly ýeňil döreder. Geljekde “Microsoft Office” programmalary “Android” amaly ulgamyndaky planşetlerde we “iPad”-lerde hem peýda bolar.