Turkmenportal logo
20.12.19
93589358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Horwatiýadaky halkara ýaryşda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyndaky üçünji duşuşygynda Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny ýeňdi.


Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçirilen duşuşyk 6:2 hasabynda türkmen futzalçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeňiş pökgülerini Mülkaman Annagulyýew (2 pökgi), Gurbangeldi Sähedow, Allamyrat Gurbanow, Abdylla Gurbannepesow we Myrat Annaýew geçirdi.


Bu duşuşykdaky garşydaşlarymyz FIFA-nyň reýtinginde 40-njy orny eýeleýär. Türkmenistan bolsa 69-njy basgançakda. Günüň beýleki bir duşuşygynda Çernogoriýa San Marinony 5:1 hasabynda ýeňdi.


Türkmen futzalçylary toparçadaky soňky duşuşygyny Çernogoriýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Häzir biziň ildeşlerimiz 6 utuk bilen ýaryşyň birinji basgançagynda.