Turkmenportal logo
16.12.19
71567156
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy «Futsal Week Winter Cupdaky» ilkinji duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysyndan asgyn geldi

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Horwatiýada geçirilýän «Futsal Week Winter Cup» halkara ýaryşyndaky ilkinji duşuşygynda Hytaýyň ýygyndysyndan ýeňildi.


Şu gün Poreç şäherinde geçirilen duşuşyk hytaýly futzalçylaryň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Häzir dünýä reýtinginde Hytaý 74-nji, Türkmenistan 69-njy basgançakda. Biziň futzalçylarymyzyň mundan bir hepde ozal geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda edil şu ýygyndyny 6:1 hasabynda ýeňendigini ýatdalýarys.


Halkara ýaryşa bäş ýygyndy gatnaşýar. Olar Türkmenistanyň, Bosnýa we Gersegowinanyň, Hytaýyň, San-Marinonyň we Çernogoriýanyň ýygyndylarydyr.


Türkmen futzalçylarynyň 17-nji dekabrdaky garşydaşy San-Marinonyň ýygyndysy bolar.