Turkmenportal logo
13.11.19
50655065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyry: KHDR-nyň ýygyndysy Türkmenistanda açyk türgenleşik geçirdi

Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistan bilen geçiriljek duşuşykdan ozal açyk türgenleşik geçirdi.


Myhman ýygyndy türgenleşiklerini doly düzümde geçirdi. Meýdandaky 23 futbolçynyň hatarynda KHDR-nyň we Italiýanyň «Ýuwentusynyň» hüjümçisi Han Kwon Son hem bar.


Türkmenistan ― KHDR duşuşygy 14-nji noýabrda Aşgabatda ― «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Duşuşyk 16:00-da başlanar.