Turkmenportal logo
04.10.19
1447014470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Türkmen atlary” döwlet birleşigine täze ýolbaşçy bellenildi

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe wezipeler girizildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahmed Berdiýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellenilip, ol “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (04.10.2019) habar berildi.