Turkmenportal logo
05.07.19
77477747
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar (U19) ýygyndysy Türkiýede ikinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

Surat: TFF


Aziz Kambarowyň tälim berýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U19) 6-18-nji iýul aralygynda Türkiýäniň Ankara şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Okuw-türgenleşigiň dowamynda ýaşlar ýygyndymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer. Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi ikinji türgenleşik ýygnanyşygyna oýunçylaryň 27-sini äkidýarler diýip, TFF habar berýär.


Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görýän ýaşlar ýygyndymyz şu ýylyň 20-30-njy mart aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşigi geçipdi.


2020-nji ýylda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda çykyş edýän ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Kataryň, Ýemeniň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndylary bolarlar. Saýlama tapgyry şu ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler.