Turkmenportal logo
13.06.19
1428714287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nurnepes Kuliýew Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen Nurnepes Annaýewiç Kuliýew Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory wezipesine bellenildi.


Mälim bolşy ýaly, täze institut türkmen Lideriniň gol çeken resminamasy bilen 12-nji iýunda döredildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi institutda ýaşlara beriljek hünärler barada maglumaty bir aýyň dowamynda işläp taýýarlar.