Turkmenportal logo
30.03.19
84918491
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-19 futbol ýygyndysynyň Türkiýedäki türgenleşikleri tamamlandy

Türkiýäniň Antalýa şäherinde 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U 19) soňky ýoldaşlyk duşuşygynda Moskwa şäheriniň “Lokomotiwiniň” (U19) ýaşlar topary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Moskwanyň toparynyň ýaşlar düzümi 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparymyzyň duşuşykdaky ýeke-täk topuny Şamämmet Hydyrow geçirdi - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Ýeri gelende aýtsak, Aziz Kambarowyň tälim bermeginde Antalýa şäherinde 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren ýygyndymyz onuň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirdi.