Turkmenportal logo
25.03.19
81668166
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-19) Nižniý Nowgorodyň "Wolgasynyň" ýaşlaryndan üstün çykdy

Türkmenistanyň 19 ýaşa çenli ýaşlar futbol ýygyndysy şu gün Türkiýede geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäheriniň "Wolga" futbol klubynyň ýaşlar ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini bolsa Maksim Bernýaýew geçirdi. Bu barada Turkmenportala ýaşlar ýygyndymyzyň tälimçiler düzüminden habar berdiler.


Mundan ozal ýaşlar ýygyndymyz maltaly deň-duşlaryndan 1:2, kosowaly futbolçylardan 2:3 hasabynda ýeňlipdiler. Aziz Kambarowyň şägritleri Türkiýedäki türgenleşikleriň çäginde 29-njy martda Moskwanyň "Lokomotiwiniň" ýaşlar düzümi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.