Turkmenportal logo
04.03.19
74337433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mämmedaly Karadanow karýerasyny «Nebitçide» dowam etdirer

Geçen möwsüm ýurdumyzyň futbol çempionatynda soňky orny eýelän Balkanabadyň “Nebitçisi” milli çempionatda çykyş edýän futbolçylaryň birnäçesini düzümine geçirdi. “Nebitçiniň” düzümine tejribeli oýunçy Mämmedaly Karadanowyň goşulandygyny bellemek gerek. Şeýle-de, Balkanabadyň toparynyň düzümine “Energetigiň” oýunçylary Begenç Guldurdyýew, Sahupnazar Durdyýew, “Şagadamdan” Nurtagan Mämmedalyýew hem-de paýtagtymyzyň “Aşgabat” toparyndan Elýas Akyýew dagy goşuldylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda (www.tff.com.tm) habar berilýär.
“Nebitçiniň” kapitany Ýewgeniý Tkaçenkonyň karýerasyny “Merwde” dowam edýändigini ýatladýarys. Şeýle-de, Yhlas Magtymow indiki möwsümden başlap öz çykyşyny “Şagadam” toparynda dowam eder.
Ýeri gelende aýtsak, «Nebitçi» geçen möwsümde ýurdumyzyň futbol çempionatyny soňky, 8-nji orunda tamamlady. Balkanabadyň topary geçiren duşuşyklarynda 20 utuk toplamagy başardy.