Turkmenportal logo
01.03.19
1544015440
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda banan hasylyny ýygnamak işleri başlandy

“Ferhar” ýyladyşhana hojalygynda türkmen bananlarynyň ilkinji hasylyny ýygnamak işi başlandy. Biziň ýurdumyz üçin ekzotik bolup durýan ösümlik döredilen amatly şertlere gowy uýgunlaşdy hem-de bol miwe getirip başlady.


Telekeçi bananlary ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda beýikligi 8,6 metr barabar ýörite ýyladyşhana gurdy.


Bu ýerde her gün bir “agaçdan” 40-45 kilogram banan ýygnalýar we ýurduň bazarlaryna ýerlenilýär.