Turkmenportal logo
05.05.18
1302313023
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýa kubogyna çykyp bilenligi üçin AFK Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna 200 müň dollar berer

4-nji maýda BAE-niň Dubaý şäherinde indiki ýylyň 5-nji ýanwaryndan 1-nji fewralyna çenli aralykda geçiriljek futbol boýunça Aziýa kubogynyň bijesi çekildi.
Bije çekilşik dabarasynda AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman Bin Ibrahim al Halifa ýaryşyň baýrak gaznasy hakynda maglumat berdi. Aýdylyşy ýaly, ýaryşda ýarym finalda ýeňlen milli ýygyndylar 1 million, finalda ýeňlen ýygyndy 3 million, çempion bolsa 5 million dollar gazanar.
Şeýle hem bu ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanan her bir ýygynda 200 müň dollar pul baýragy berler. Diýmek, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýaryşa 200 müň dollar baýrak bilen girişer.