Turkmenportal logo
10.03.18
87988798
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal welaýatynda 200 orunlyk şypahana gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we şypahanany 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.