Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary 3x3 basketbol boýunça Belarusyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary bilen bilelikdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy habar berdi.
«FIBA 3x3 YAD Camp 2026» okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 12–16-njy noýabr aralygynda Daşkent şäherinde geçiriler. Bu çäre Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA) howandarlygynda guralýar.
Ýygnanyşykda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparyna Rüstem Mämmedow, zenanlar ýygyndy toparyna bolsa Mährijemal Jumageldiýewa ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem wekiliýetiň düzüminde emin Serdar Eminjanow bolar.
Federasiýanyň maglumatyna görä, okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň esasy maksady ýaş basketbolçylaryň mümkinçiliklerini ösdürmekden we olaryň ussatlygyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
