Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşyna işjeň taýýarlyk görýär. Ýaryşyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Türgen bolsa taýýarlygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyna ynam bildirýär.

Ol 9-njy noýabrda özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda: «Ýaryşa bary-ýogy bäş gün galdy — ähli zat edil meýilleşdirilişi ýaly dowam edýär» — diýip ýazdy.

20 ýaşly türkmen pälwanynyň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar. Ol «NCAA» ýaryşynyň bäş gezek çempiony, dünýäniň dört gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesidir. RAF ligasynda Deýk «Cruiserweight» agram derejesindäki diwizionda çykyş edýär we häzirki wagtda liganyň hereket edýän çempionydyr.

Alp Arslan Begenjow täze Olimpiýa tapgyrynda erkin göreş boýunça Türkmenistanyň iň geljegi uly türgenleriniň biri hasaplanýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň (U20) arasynda dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň taryhynda ýetginjekleriň arasynda ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol möwsümde ol Aziýanyň ýetginjekler çempionatynda hem altyn medala mynasyp boldy.
2026-njy ýylda türkmen türgeni 86 kilograma çenli agram derejesine geçdi we Bratislawada geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.
«RAF Abu Dhabi» ýaryşy 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryş RAF ligasynyň Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek geçirilýän çäresi bolar.
