Turkmenportal
Düýn 14:07
63786378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň muzeýinde Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysynyň dikeldiş işleri geçirildi
Türkmenistanyň muzeýinde Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysynyň dikeldiş işleri geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde 10–30-njy oktýabr aralygynda Margiananyň gadymy mozaika ýygyndysyny gorap saklamak maksady bilen giň gerimli rejeleýiş işleri geçirildi.

Çylşyrymly konserwasiýa işlerini ýerine ýetirmek üçin Russiýanyň Döwlet rejeleýiş ylmy-barlag institutynyň Ylmy rejeleýiş bölüminiň ýokary derejeli suratkeş-rejeleýjisi Galina Wersoskaýa çagyryldy — diýip, ussatnews.com saýtynyň habar berýär.

Taslama Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N. Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyryldy.