Turkmenportal
Düýn 16:26
1210912109
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bäşinji orny eýeledi
Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bäşinji orny eýeledi

Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 86 kilograma çenli agram derejesinde bäşinji orny eýeledi.

Rustamowa silterläp götermekde 118 kilogram, itekläp götermekde bolsa 146 kilogram agyrlygy göterip, iki görnüşiň jemi boýunça 264 kilogram netije görkezdi. Oňa bürünç medal gazanmak üçin bary-ýogy 2 kilogram ýetmedi. Birinji orny Hytaýyň wekili Lýao Guýfan (291 kg; 128 + 163 kg), ikinji orny Bahreýniň türgeni Alina Maruşçak (272 kg; 123 + 149 kg), üçünji orny bolsa Dominikan Respublikasynyň wekili Ýudelina Mehiýa Pegero (266 kg; 119 + 147 kg) eýeledi.

20 ýaşly Anamjan Rustamowa ýetginjekleriň arasynda iki gezek dünýä çempiony we üç gezek Aziýa çempiony bolmak bilen birlikde, bu ýaryşda silterläp götermekde hem-de iki görnüşiň jemi boýunça şahsy rekordlaryny täzeledi.

Ninbo şäherinde geçirilen dünýä çempionaty 27-nji oktýabrdan 8-nji noýabra çenli dowam etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ýaryşa on türgen gatnaşdy. Olaryň arasynda ýeke-täk medaly 110 kilograma çenli agram derejesinde bürünç baýraga mynasyp bolan Şahzadbek Mätýakubow gazandy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 417 kilogram (silterläp götermekde 187 kg, itekläp götermekde 230 kg) netije görkezdi.

Türkmenistanyň 16 ýaşly türgeni Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda iki dünýä rekordyny goýdy. 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen 13–17 ýaşly gyzlaryň arasynda silterläp götermekde 89 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça bolsa 201 kilogram netije bilen täze dünýä rekordlaryny goýdy. Itekläp götermekde 112 kilogram agyrlygy göteren türgen bu görnüşde ýetginjekleriň dünýä rekordyny gaýtalady. Ýaryşyň netijeleri boýunça Şabnam Kerimbaýewa bäşinji orny eýeledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň 18 ýaşly türgeni Didarbek Jumabaýew 75 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda täze dünýä rekordlaryny goýdy. Ol silterläp götermekde 152 kilogram, itekläp götermekde 188 kilogram agyrlygy göterip, iki görnüşiň jemi boýunça 340 kilogram netije görkezdi. Ýaryşyň jemleri boýunça Didarbek Jumabaýew ýedinji orny eýeledi.