Turkmenportal
02.11.2026
49774977
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Kazanda sanlylaşdyrmak we emeli aň ulgamyndaky taslamalar bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti Kazanda sanlylaşdyrmak we emeli aň ulgamyndaky taslamalar bilen tanyşdyrdy

Oktýabr aýynyň 29–31-i aralygynda Kazan şäherinde «Kazan Digital Week – 2026» atly halkara forumy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew ýolbaşçylyk etdi.

«Kazan EXPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä 76 ýurtdan 20 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, işewür toparlaryň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar bar.

Şu ýylky forumyň esasy mowzugy emeli aňyň amaly taýdan ulanylmagy boldy. Gatnaşyjylar sanly senagaty ösdürmek, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, senagatda, döwlet dolandyryşynda, saglygy goraýyşda, bilimde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda sanly çözgütleri ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden Berdimyrat Berdiýew Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy barada gürrüň berdi. Onuň bellemegine görä, Türkmenistan öz milli sanly ösüş ugruny kemala getirýär hem-de Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda sanly köpri bolmagy maksat edinýär.

Şeýle hem ol emeli aňa esaslanýan çözgütleriň döwlet we durmuş ulgamlaryna ornaşdyrylýandygyny habar berdi. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda uýgunlaşdyrylan okuw ulgamlary hem-de keselleri irki döwürde anyklamak üçin algoritmler ulanylýar. Ykdysadyýetde bolsa hasyllylygy çaklamak we ulag akymlaryny akylly dolandyrmak ulgamlary işe girizilýär.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy Arkadag şäherine hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, bu şäher «akylly» we ekologiýa taýdan durnukly şäheriň nusgasyna öwrüldi. Şäheriň infrastrukturasy döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýar. Zatlaryň interneti (IoT) we emeli aň tehnologiýalary bolsa şäheri dolandyrmagyň hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň bitewi platformasyna birleşdirilendir.

Forumyň esasy meýdançalarynyň biri hem döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň we tehnologik startaplaryň sanly çözgütleriniň görkezilýän tehnologiýa işläp taýýarlamalarynyň sergisi boldy.