Turkmenportal
14.10.2026
80158015
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda emeli aň we sanlaşdyrma boýunça okuw maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda emeli aň we sanlaşdyrma boýunça okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasnynyň Uhan şäherinde emeli aň we sanlaşdyrma ulgamy boýunça okuw maslahatyna gatnaşýar. Okuw maslahaty 12-nji oktýabrda açylyp, 26-njy oktyabra çenli dowam eder.

Halkara okuw maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşýarlar diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň meýilnamasyna sanly şahsyýetnamalary we elektron pasportlary ornaşdyrmak, serhet gözegçilik we elektron wiza ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, biometrik howpsuzlyk, emeli aň ulgamyny ulanmak hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meseleler girizildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn nygtaldy.