Turkmenportal logo
09.10.2026
2632926329
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Oňa Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Hazar ekologiýa sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Çözgüdi kabul etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan deňiz gurşawyny goramak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen «Hazar ekologiýa başlangyjy» taslamasyny hödürledi. Ony durmuşa geçirmek boýunça işler milli derejede-de, hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde-de alnyp barylýar.

Şeýle hem Türkmenistan energetika, ulag we logistika, senagat hem-de söwda ulgamlarynda Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny bildirýär.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Türkmenistan 2002-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň birinji sammitini geçirmegiň başlangyjyny öňe süren döwlet hökmünde hem çykyş edipdi. Şol forumda soňky sammitlerde kabul edilen resminamalaryň binýadyna öwrülen pikirler öňe sürlüpdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Çäre kenarýaka döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilip, sebitdäki ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.