Turkmenportal logo
06.10.2026
68456845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«OguzRobot» topary «FIRST Global Challenge 2026» bäsleşiginde Türkmenistanyň adyndan çykyş eder

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan düzülen «OguzRobot» topary 7–10-njy oktýabr aralygynda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçiriljek robototehnika boýunça halkara «FIRST Global Challenge 2026» bäsleşigine gatnaşar.

«Robotlaryň olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu iri bäsleşige dünýäniň 190-dan gowrak ýurdundan ýaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmen toparynyň düzümine daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Suhan Nowbatow, Oraznyýaz Rejepow, Aznawur Çolukow, Arslan Babajyýew we Daýhan Gurbanow girýär.

Topar «Ýaş inžener 2026» bäsleşiginiň ýeňijilerinden düzüldi. Okuwçylara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Dawut Gurbanow halypalyk edýärler.

Ýatladyp geçsek, geçen ýyl türkmen mekdep okuwçylary Panamada geçirilen bu bäsleşikde «Skill Challenge» derejesinde birinji orny eýeläpdi.