Turkmenportal logo
02.10.2026
1108611086
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekili Awstriýada Halkara atom energiýasy agentliginiň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy, Tehnologiýalar transferi merkeziniň ýolbaşçysy Kadyr Amanow Awstriýanyň Wena şäherindäki Halkara atom energiýasy agentliginiň  Wena halkara merkezinde geçirilen maslahata gatnaşdy.

Bu forum Merkezi Aziýada izotop gidrologiýasy boýunça barlaghanalaryň sebit toruny döretmek meselesine bagyşlandy. Bu barada bilim.tm saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda izotop gidrologiýasyny ösdürmek, serhetüsti suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, şeýle hem GloWAL (Global Water Analysis Laboratories) torunyň çäklerinde sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň wekili duşuşyga gatnaşyjylara ýokary okuw mekdebiniň bu ugurdaky ylmy mümkinçilikleri, barlaghana binýady we toplan tejribesi barada giňişleýin maglumat berdi.