Turkmenportal logo
Düýn 14:09
1003410034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ahal welaýatynda çagalary mekdebe taýýarlamagyň öňdebaryjy usullaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Ýurdumyzyň Ahal welaýatynda mekdebe çenli çagalar biliminiň ýerli mugallymlarynyň öňdebaryjy iş tejribesine bagyşlanan «Çagalary mekdebe çenli çagalar edaralarynda, maşgala we beýleki bilim edaralarynda mekdebe taýýarlamagyň öňdebaryjy iş usullary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata gatnaşyjylar çagalar bagynyň körpeleri üçin edebiýat, matematika we iňlis dili derslerinden geçirilen görkezme sapaklaryna gatnaşdylar.

Soňra sapaklaryň usuly gurluşyna jikme-jik seljerme berlip, degişli maslahatlar aýdyldy. Duşuşyk mugallymlaryň we terbiýeçileriň arasynda öňdebaryjy iş tejribesini alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.

Duşuşygyň çäklerinde okuw gollanmalarynyň we usuly işleriň sergisi hem guraldy.