Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp federal edaralary amerikan paýtagtynda mör-möjekleriň belli bir görnüşleriniň sanyny düýpli azaltmak barada buýruk berdi. Ak tamyň resmi saýtynda çap edilen resminama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli aziýa gaplaň çybynlarynyň, sary ysytma çybynlarynyň we beýleki zäherli görnüşleriň sany 90 göterim azalmalydyr.
Döwlet Baştutanynyň buýrugynda bellenişi ýaly, şäherde çakjagunduzlaryň sany 50 göterim azalmalydyr. Bu meýilnamany durmuşa geçirmek üçin karara gol çekileninden soňra 60 gün möhlet bellenildi.
Buýrugyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik içeri işler, oba hojalyk ministrleriniň, şeýle hem Daşky gurşawy goramak boýunça agentligiň (EPA) iş dolandyryjysynyň üstüne ýüklendi diýip, «MIR 24» ýazýar.