Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iki ýyllyk aýdyňlyk hasabatlaryny taýýarlamak boýunça mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga bagyşlanan amaly okuw sapagyna gatnaşýar. Çäre 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabryndan 2-nji oktýabryna çenli Stambul şäherinde geçirilýär.
Okuw Merkezi Aziýa üçin Howanyň üýtgemegi boýunça hereketleriň aýdyňlygy boýunça sebit merkeziniň (ReCATH) işiniň çäklerinde guraldy. Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (RECCА) binýadynda hereket edýän bu başlangyç Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny dolandyrmak instituty (GHGMI) tarapyndan tehniki taýdan goldanylýar. Okuwyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (UNFCCC) hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça hereketleriň aýdyňlygyny üpjün etmek başlangyjynyň (ICAT) bilermenleri gatnaşýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Derýa Derýaýew, Ekologiýa gözegçilik gullugynyň başlygynyň orunbasary Atamyrat Myradow we halkara ekologik maksatnamalary utgaşdyrmak boýunça baş hünärmen Nazar Gurbangulyýew girýär. Okuwyň işine Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory Mergen Kepbanow hem gatnaşýar.
Çärä sebitiň bäş döwletiniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hünärmenleri gatnaşýar. Okuwyň esasy maksady howa boýunça hasabatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan, milli bilermenleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan hem-de Pariž ylalaşygynyň giňeldilen aýdyňlyk çäkleriniň çäklerinde amaly tejribe alyşmagy üpjün etmekden ybaratdyr.
Okuwda parnik gazlarynyň milli sanawlaryny taýýarlamak, milli derejede kesgitlenen goşantlaryň (NDG) durmuşa geçirilişindäki ösüşi yzarlamak, zyňyndylary azaltmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligine baha bermek we çaklamalary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem gatnaşyjylar pudagara maglumat alyşmak, maglumatlardaky ýetmezçilikleriň üstüni ýetirmek, hasabatlaryň hilini üpjün etmek we olary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň tehniki bilermenleri tarapyndan seljermek işlerine taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Okuw maksatnamasy amaly sapaklary, halkara bilermenleriniň maslahatlaryny we howa boýunça hasabatlylyk gurallary bilen işlemegi öz içine alýar. «BTR çözgütler meýdançasy» görnüşindäki iş usuly sebite mahsus umumy usulyýet meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de her bir ýurduň zerurlyklaryny nazara almak bilen degişli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Mergen Kepbanowyň bellemegine görä, BTR hasabatlaryny taýýarlamak we milli derejede kesgitlenen goşantlaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek Türkmenistan üçin möhüm we özara baglanyşykly iş ugurlarydyr. Milli derejede kesgitlenen goşantlar ýurduň howa boýunça milli maksatlaryny kesgitleýän bolsa, BTR hasabatlary şol maksatlara ýetmekde gazanylan ösüşi şöhlelendirmäge, görülýän çäreleriň netijelerine baha bermäge we mundan beýläk zerur bolan goldawyň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Ol milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň, maglumatlary ulgamlaşdyrmagyň we degişli edaralaryň netijeli özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem sebit ýurtlary bilen tejribe alyşmagyň we halkara bilermenleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, bu işi has-da kämilleşdirmäge ýardam berýändigini nygtady.
Okuwyň netijeleri boýunça milli toparlara iki ýyllyk aýdyňlyk hasabatlaryny kämilleşdirmek boýunça ileri tutulýan çäreleri we mümkinçilikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur bolan ugurlary kesgitlemek wezipesi goýlar.