Turkmenportal logo
Düýn 15:47
75607560
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

Aşgabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasynyň geçiriljekdigini habar berýär. Çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler.

Çäräni Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guraýar.

Guramalara, kärhanalara, firmalara we telekeçilere 1-nji oktýabra çenli boş iş orunlarynyň bardygy baradaky maglumatlary tabşyrmak hem-de ýarmarka gatnaşmak teklip edilýär.

Iş gözleýän raýatlara ýarmarka pasportyny we zähmet depderçesini ýanlary bilen getirmek maslahat berilýär.

Goşmaça maglumatlary Aşgabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginden, şeýle hem ýokarda agzalan etraplaryň iş bilen üpjünçilik bölümlerinden we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetinden alyp bolýar.