Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde ýurduň sebitlerinde Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýerli derejede durmuşa geçirmek we ileri tutmak meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty öz işine başlady. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, IV tapgyr» taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuw maslahatyna ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we ýaşlaryň wekilleri gatnaşýar.
Okuw maslahatynyň esasy maksady durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de ýurduň ýerli aýratynlyklaryny we strategik resminamalaryny nazara alyp, Durnukly ösüş maksatlaryny ileri tutmak boýunça bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem çäre bilim we tejribe alyşmak, Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerli derejede durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Çäräniň maksady milli strategiýalary we ýerli zerurlyklary nazara alýan Durnukly ösüş maksatlaryny we olar bilen baglanyşykly wezipeleri ileri tutmak boýunça ylalaşykly çemeleşmäniň işlenip taýýarlanmagyna ýardam bermekden ybarat. Mundan başga-da, guramaçylar gatnaşyjylarda sebitiň 2030-njy ýyla çenli ösüş mümkinçilikleri barada bitewi düşünjäni kemala getirmegi we her bir sebit üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerini çözmek boýunça indiki ädimleri kesgitlemegi maksat edinýärler.
Okuw maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli şertlere uýgunlaşdyrmagyň işlenip taýýarlanan usulyýetiniň esasy düzgünleri hem-de sebitler üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň sanawy ara alnyp maslahatlaşylýar. Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli tejribeler we öňdebaryjy çemeleşmeler bilen tanyşdylar, maksatlary ileri tutmagyň usulyýet çemeleşmelerini öwrendiler hem-de her bir sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan ileri tutulýan wezipeleri we görkezijileri kesgitlemäge öz goşantlaryny goşdular.
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmek boýunça işler 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlandy. Şonda ýurdumyzyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň, Arkadag şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ilkinji okuw maslahaty geçirildi. Şonda Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi, ýerli derejede durmuşa geçirmegiň usulyýet esaslary we sebitler üçin görkezijileriň sanawy hödürlendi.
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmek ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan görkezijileri peýdalanmak arkaly ýerli gün tertibini kemala getirmegi, çözgütleri kabul etmegi we işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmegi öz içine alýar. Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga gönükdirilen köp sanly çäre sebit we ýerli derejede ýerli jemgyýetleriň hem-de raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda işlenip düzülmelidir. Bu bolsa «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesine laýyk gelýär.
Şeýle okuw maslahatlary 2026-njy ýylyň 2–9-njy oktýabry aralygynda Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynda hem geçiriler.