Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň mejlisler jaýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilen çäreleriň netijelerine bagyşlanan pudagara maslahat boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, şeýle-de lukmanlar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen çäreler we olaryň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite tassyklanan meýilnama esasynda ýaşlaryň arasynda bu babatda wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary we «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlikler geçirilip, telewideniýede ýörite gepleşikler, metbugatda makalalar berildi.
Maslahatda aýratyn nygtalyşy ýaly, ýol hereketine gatnaşyjy sürüjiler ýol belgileri esasynda hereket etmelidir, awtoulaglary ýörite bellenen ýerlerde goýmalydyrlar, pyýadalar bolsa, öz gezeginde, ýoldan geçenlerinde, ýerasty we ýerüsti geçelgelerden ýa-da bellenilen ýerlerden peýdalanmalydyrlar. Ony endige öwürmek arkaly her bir raýat jemgyýetimiziň abadan we howpsuz durmuşyna şahsy goşandyny goşup biler. Munuň özi ömrüňe we beýleki adamlaryň howpsuzlygyna hormat hem-de jogapkärçilik duýgusy bilen garamakdyr. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi jemgyýetdäki edebiň, tertipliligiň hem möhüm görkezijisidir.