Turkmenportal logo
Düýn 10:26
76187618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Täze Aý» önümleri saklamak we daşamak ulgamyny kämilleşdirýär

«Täze Aý» kompaniýalar topary önümleri saklamagy guramaga hem-de olaryň önümçilik meýdançalaryndan we üpjün edijilerden tä söwda nokatlaryna çenli daşalýan ähli tapgyrlarynda zerur bolan şertleriň berjaý edilmegine aýratyn üns berýär.

Kompaniýanyň logistika ulgamynda ýöriteleşdirilen ammarlar, şol sanda sowadyjy otaglar ulanylýar. Olar önümleriň dürli görnüşleri üçin zerur bolan temperatura şertlerini saklamaga we olary saklaýyş döwründe terligini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Temperatura tertibiniň berjaý edilmegi tiz zaýalanýan önümler üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ammar otaglarynda saklaýyş şertleri, ýerleşdirilmeli möhletleri we harytlaryň ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar, bu bolsa olaryň hilini we sarp ediş aýratynlyklaryny saklamaga mümkinçilik döredýär.

Ulgamyň möhüm bölegi daşamak işidir. Önümleri eltip bermek üçin sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen ulag serişdeleri ulanylýar. Bu bolsa önümler daşalanda talap edilýän temperatura derejesini saklamaga mümkinçilik berýär.

Ammar işini guramak önümleri kategoriýalar boýunça bölmegi we olary ýerleşdirmek üçin degişli şertleri döretmegi göz öňünde tutýar. Şeýle çemeleşme ammar meýdanlaryny rejeli peýdalanmaga we harytlary daşalmaga öz wagtynda taýýarlamagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

«Täze Aýyň» hususy logistika düzümi kompaniýa üznüksiz üpjünçilik zynjyrlaryny guramaga we söwda nokatlaryny zerur önümler bilen öz wagtynda üpjün etmäge ýardam berýär.

Saklamak we daşamak şertlerine gözegçilik etmek kompaniýanyň önümleriň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan umumy çemeleşmesiniň bir bölegidir. Kärhanalaryň işinde ISO 9001:2015 we ISO 22000:2018 halkara hili dolandyrmak hem-de azyk önümleriniň howpsuzlygy ulgamlary ulanylýar.

Ammar we ulag düzümleriniň ösdürilmegi «Täze Aý» kompaniýasyna logistika işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň daşalýan dürli tapgyrlarynda olaryň hiliniň saklanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.