Turkmenportal logo
Düýn 10:11
57155715
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda Şakiranyň ilkinji konserti bolar
Surat: rbc.ru

Bütin dünýäde meşhur aýdymçy zenan Şakira 18-nji oktýabrda Gyrgyzystana barar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň iş dolandyryjysy Kanybek Tumanbaýew habar berdi.

Şakira özüniň dünýä çykyşlary tapgyrynyň çäginde «Bişkek Arena» stadionynda çykyş eder, bu onuň Merkezi Aziýadaky ilkinji konserti bolar.

Petekleriň satuwy şu gün – 1-nji oktýabrda başlanýar, olaryň bahasy orunlaryň ýerleşişine görä, 12 somdan 40 müň soma çenli bolar diýip, «rg.ru» ýazýar.