Turkmenportal logo
30.09.2026
97349734
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dragon Oil» kompaniýasy «OGT 2026» forumyna brilliýant hemaýatkär hökmünde gatnaşar

«Dragon Oil» kompaniýasy 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň brilliýant hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Kompaniýa gatnaşyjylar bilen Türkmenistanda deňizdäki nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek we önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek boýunça köpýyllyk tejribesini paýlaşar. Bu tejribe Hazar deňziniň serişdelerini özleşdirmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýedir.

«Dragon Oil» kompaniýasy 2000-nji ýyldan bäri «Çeleken» şertnamalaýyn çägindäki ýataklary özleşdirýär. Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň hereket ediş möhleti 2035-nji ýyla çenli uzaldyldy.

Kompaniýanyň işi geologiýa-gözleg işlerinden we burawlamadan başlap, nebiti çykarmak, taýýarlamak, saklamak we eksport etmek ýaly önümçilik tapgyrlarynyň ählisini öz içine alýar. Köpýyllyk işleriň dowamynda döredilen deňiz we kenarýaka desgalarynyň ulgamy häzirki önümçilik işleriniň netijeli alnyp barylmagyny üpjün edýär hem-de täze mümkinçiliklere baha bermek üçin binýat bolup hyzmat edýär.

Kompaniýanyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hereket edýän önümçilik desgalarynyň golaýyndaky goşmaça nebit-gaz gorlaryny gözlemekden ybaratdyr. Ösen infrastruktura gözleg işleriniň netijelerinden ýataklary özleşdirmek boýunça çözgütlere çalt geçmäge mümkinçilik berýär. Ýataklar we önümçiligiň dinamikasy barada ýyllaryň dowamynda toplanan maglumatlar buraw işlerini meýilleşdirmäge, degişli tehnologiýalary saýlamaga we maýa goýum mümkinçiliklerine baha bermäge ýardam edýär.

Bu tejribe we hünär başarnyklary «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» halkara forumynyň gün tertibi bilen gönüden-göni sazlaşýar. Maslahatyň gün tertibi deňizdäki maýa goýum taslamalaryny, seýsmiki barlaglary, buraw tehnologiýalaryny, infrastruktura we logistika meselelerini öz içine alýar. «Dragon Oil» kompaniýasynyň amaly tejribesi Türkmenistanyň Hazar deňziniň bölegindäki nebit-gaz serişdelerini mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm esas bolup hyzmat eder.

Brilliýant hemaýatkär hökmünde kompaniýa bu forumyň çäklerinde pudaklaýyn tejribe alyş-çalşygyny we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýar.