29-njy sentýabrda Pakistanyň Häzirki zaman diller milli uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary üçin innowasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly hünär kämilleşdiriliş okuwlary geçirildi. Bu barada türkmen ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Okuwyň dowamynda «Emeli aňyň esasynda şahsylaşdyrylan bilim», «Ykjam programma üpjünçiligini synagdan geçirmegiň öňdebaryjy usullary», «Tor kiberhowpsuzlygy babatda dünýä tejribesi» we «Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda robot tehnologiýalarynyň ulanylyşy» atly çykyşlar boldy.
Okuw türkmen we pakistan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.