Turkmenportal logo
30.09.2026
1482614826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy — küşt olimpiadasynyň «B» derejesinde kümüş medal gazandy

Samarkant şäherinde geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynyň güni Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy «B» reýting derejesinde Belarusyň ýygyndysyny 3½:½ hasabynda ýeňip, ikinji orny eýeledi. Umumy sanawda türkmen küştçüleri 190 toparyň arasynda 33-nji orny eýelediler. Olar ýaryşa 55-nji belgi bilen, ýagny başlangyç reýtingde 55-nji ýerde başladylar. Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň metbugat beýanatynda habar berlişine görä, küştçi gyzlar bu ýeňşini Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşladylar.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy üçin bu yzygiderli gazanylan ikinji olimpiýa medaly boldy. Iki ýyl ozal Budapeştde geçirilen ýaryşda topar «C» derejesinde altyn medal gazanypdy. Şol üstünlikden we reýting görkezijileriniň ýokarlanmagyndan soň ýygyndy has güýçli «B» derejesine geçirildi. Bu derejede birinji orun ugrundaky göreş iň soňky tapgyra çenli dowam etdi. Türkmenistan bilen Horwatiýa 14 toparlaýyn utuk toplady, emma goşmaça görkezijiler boýunça altyn medal horwat küştçülerine berildi. Bürünç medal Özbegistanyň ikinji ýygyndysyna gowuşdy. Türkmenistanyň topary üçin soňky iki tapgyr aýratyn ähmiýetli boldy: mümkin bolan 8 utukdan 7½ utuk gazanyldy.

Olimpiadanyň açyşy hökmünde Mähri Agamyradowa görkezildi. Ol ýygyndynyň düzüminde iň gowy netijäni görkezdi: dördünji tagtada 10 oýundan 7½ utuk gazandy. Onuň ýaryşa başlan başlangyç reýtingi 1939, ýaryşdaky performans görkezijisi 2253 bolup, reýtingi 160-dan gowrak utuk ýokarlandy. Ýaryşyň netijeleri boýunça ol zenanlaryň arasynda FIDE ussady (WFM) derejesi üçin zerur bolan normatiwi we ilkinji gezek zenanlaryň arasynda halkara ussady (WIM) derejesiniň normatiwini ýerine ýetirdi.

Ýeňşe Leýla Şöhradowa hem uly goşant goşdy. Ol (2101) ikinji tagtada 11 oýundan 7 utuk gazandy we soňky üç tapgyryň üçüsinde-de ýeňiş gazandy. Jahan Rejepowa (2027) 9 oýundan 5 utuk toplady. Iň güýçli garşydaşlara garşy birinji tagtada çykyş eden Läle Şöhradowa (2147) 10 oýundan 4½ utuk, Ogulsuraý Baýrambaýewa (1952) bolsa 4 oýundan 3 utuk gazandy.

Olimpiadada Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň küşt federasiýasynyň Baş sekretary Mergen Kakabaýew şeýle belleýär:

«Zenanlar ýygyndysynyň her bir agzasy soňky alty aýyň dowamynda gazanylan ýokary ösüş depginini tassyklady. Küştçülerimiziň ortaça reýtingi 1900–2100 aralygynda bolsa-da, biz olaryň hakyky güýjüniň iň bolmanda 2200 derejesindedigini bilýärdik. Şonuň üçin 2200–2300 derejesindäki garşydaşlar bilen duşuşyklarda iň bolmanda deňme-deň netijä, käbir ýagdaýlarda bolsa ýeňşe garaşýardyk. Topar bu bahalandyrmany tassyklady we başlangyç sanawdaky ornundan ep-esli ýokary netije görkezdi. Yzygiderli okuw-türgenleşik işleriniň netijesinde küşt boýunça ýygyndymyz bu olimpiada iň gowy sport taýýarlygynda geldi».

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy (başlangyç sanawda 65-nji belgi) 206 toparyň arasynda 64-nji orny eýeläp, 12 toparlaýyn utuk gazandy. Toparyň esasy netijeleriniň biri Amanmuhammet Hommadowyň (2389) gazanan üstünligidir. Ol 11 oýundan 6 utuk toplap, halkara ussady (IM) derejesi üçin zerur bolan üçünji we jemleýji normatiwi ýerine ýetirdi. Indi oňa IM derejesiniň berilmegine garaşylýar.

Samarkantda geçirilen olimpiada 15–27-nji sentýabr aralygynda dowam etdi we gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýdy: açyk ýaryşa 206 topar, zenanlar ýaryşyna bolsa 190 topar gatnaşdy. Açyk ýaryşda Özbegistanyň ýygyndysy ýeňiji boldy, Hindistan kümüş, Germaniýanyň ýygyndysy bolsa bürünç medal gazandy. Zenanlar ýaryşynda birinji orny Hytaý, ikinji orny Gazagystanyň ýygyndysy, üçünji orny bolsa Hindistan eýeledi. Zenanlar ýaryşynyň «B» derejesinde baýrakly orunlary Horwatiýa, Türkmenistan we Özbegistanyň ikinji ýygyndysy eýeledi.

Türkmenistanyň ýygyndylarynyň gazanan netijelerini şu ýerde görüp bolýar: