Turkmenportal logo
29.09.2026
64196419
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA ýurtlarynyň 2027-nji ýyldaky oýunlary Gyrgyzystanda geçiriler

GDA ýurtlarynyň IV oýunlary 2027-nji ýylda Gyrgyzystanda geçiriler. Bu barada 27-nji sentýabrda Almaty şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň mejlisinde karar kabul edildi.

Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň wekilleri hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle hem gatnaşyjylar Bişkek şäherine 2027-nji ýylda «Arkalaşygyň sport paýtagty» derejesini bermek baradaky teklibi goldadylar. Mundan başga-da, 2027-nji ýylda Geňeşe başlyklyk etmegiň Gyrgyzystana geçjekdigi habar berildi.

Mundan ozal GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti 2027-nji ýylda Oýunlaryň Gyrgyzystanda geçirilmegine garaşylýandygy barada habar beripdi. GDA ýurtlarynyň III oýunlary 2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçirildi.