Turkmenportal logo
Şu gün 15:26
29592959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ýaş alymlaryň ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna bagyşlap, ylmy we ylmy-usuly makalalar ýygyndysyny taýýarlady we çapdan çykardy. Neşire Ýaş alymlar geňeşiniň agzalarynyň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de talyplaryň işleri girdi.

Ýygyndy ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň we ýaş alymlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Onda ylym, täzeçillik we önümçilik ulgamlaryndaky innowasion çözgütler hem-de ylmy-usuly gözlegler jemlenendir.

Neşiriň tematik çygry ep-esli giň bolup, sanly ykdysadyýetden başlap, «ýaşyl» energetika, emeli aň we medeni mirasyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Bellenilişi ýaly, bu neşir ýaşlaryň ylyma bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem innowasion işläp düzmeleri önümçilige ornaşdyrmaga ýardam bermelidir.