Turkmenportal logo
Düýn 15:32
70177017
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Emomali Rahmon: Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli täjik halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Emomali Rahmon gutlagynda: «Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de durmuş-ykdysady ugurda belent sepgitleri eýeläp, guwandyryjy netijeleri gazanýar. Şeýle hem ýurduň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar» diýip belledi.

Gutlagda iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň we strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigine üns çekilip: «Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň binýatlarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde döwletara hyzmatdaşlyk hem-de ähli derejedäki dialog üstünlikli ösdürilýär» diýlip nygtalýar.

Täjigistan Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.