Turkmenportal logo
Düýn 15:29
70467046
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli  gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, ýurduň Hökümetine hem-de ähli türkmen halkyna öz adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Masud Pezeşkian gutlagynda: «Taryhy kökler, dini we medeni umumylyklar Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde möhüm binýat bolup durýar. Şeýle umumylyklaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orna eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip belledi.

Eýranyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp: «Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk dileýärin» diýip, arzuw etdi.